TEHNOLOGIÝA

“Bugatti” satylýar

Germaniýanyň “Volkswagen” awtoulag öndüriji kompaniýasynyň kaşaň awtoulag markasy bolan “Bugatti” satylýar. Bu kaşaň markany Horwatiýanyň “Rimac Automobili” kompaniýasy satyn alýar.

Horwatiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mate Rimak bu barada beren beýanatynda iki kaşaň awtoulag markalaryny birleşdirip, özboluşyly ualg jübütini döretjekdiklerini mälim etdi. Ol geljekde elektrikli ulag önümçiligine hem uly ähmiýet beriljekdigini belledi.

“Bugatti” ka;ar markanyň paýnamalarynyň 55 göterimi Horwatiýanyň “Rimac Automobili” kompaniýasyna degişli bolar. Galan paýnamalar “Volkswagen” awtoulag öndüriji kompaniýasynyň “Porsche” firmasynda galar.

Horwatiýanyň “Rimac Automobili” kompaniýasy “Nevera” ady bilen ýokary tizlikli ulag öndürdi. Bu elektrikli ulag 1914 at güýjüne eýe bolup, 0-dan 100-e çenli tizlige 1,85 sekuntda ýetip bilýär.

Mundan beýläk “Bugatti-Rimac” Horwatiýanyň paýtagty Zagreb şäherinden dolandyrylar we onuň önümçiligi Fransiýanyň Molşeim şäherinden alnyp barlar.

Şeýlelikde 112 ýyllyk kaşaň fransuz “Bugatti” awtoulag markasy mundan beýläk Horwatiýanyň kompaniýasynyň eýeçiliginde bolar. Germaniýanyň “Volkswagen” awtoulag öndüriji kompaniýasy 1998-nji ýylda “Bugatti” markasyny satyn alypdy.

 

Dünýäniň iň baý adamy işini tabşyrdy

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi