SPORT

Amerikaly futbol ýyldyzynyň taryhy şertnamasy

“Kanzas-Siti Çifs” toparynyň türgeni Patrik Mahoums bilen täze şertnama baglaşyldy. Bu barada ABŞ-nyň Milli futbol ligasynyň resmi internet sahypasynda mälim edilýär.

Täze şertnama laýyklykda, toparyň hüjümdäki oýunçysy Mahoums 500 million dollar gazanar.  Şeýlelikde, onuň 10 ýyllyk şertnamasy sport taryhyndaky iň gymmat ylalaşyklaryň biri bolar. Oýunçynyň häzirki şertnamasy 2021-nji möwsüminiň ahyryna çenlidir. Şondan soňra täze şertnama güýje girer.

Sport ulgamyndaky ozalky rekord “Los-Anjeles Enjels” toparynyň beýsbolçysy Maýk Trautä degişlidir. 2019-njy ýylda türgen 430 million dollar möçberinde 12 ýyllyk şertnama baglaşypdy.

Geçen möwsümde “Kanzas-Siti Çifs” topary ABŞ-nyň Milli futbol ligasynda 1970-nji ýyldan bäri ilkinji ýeňşini baýram edipdi. ABŞ-da uly şowhun bilen tomaşa edilýän Superboul duşuşygynda “Kanzas-Siti Çifs” topary “San-Fransisko” toparyny 30:21 hasabynda ýeňipdi. Şol duşuşykda Patrik Mahoums liganyň taryhyndaky iň ýaş hem-de gymmatly oýunçy hasap edilipdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy