BIZNES

Ilkinji ýerli smart telewizorlary internet arkaly satylýar

Ilkinji ýerli smart telewizorlar internet arkaly satylyp başlandy. Örän elýeter bahaly we ýokary hilli telewizorlary «Aýdyň gijeler» kompaniýasynyň resmi saýtyndan satyn alyp bilersiňiz.

2016-njy ýyldan bäri işleýän kompaniýanyň LED çyralary, ilkinji ýerli kompýuterleri, routerleri we kommutatorlary öndürýändigini hem aýtmak gerek. Saýt arkaly kompaniýanyň ähli önümleri bilen tanşyp bolýar.

«Tolkun» hem-de «Zemin» smart telewizorlary bolsa internet arkaly satlyga çykarylan ilkinji ýerli önümlerdir. 32 we 42 dýumlyk «Tolkun» telewizorlary, degişlilikde, 942,32 we 1779,47 manatdan, 55 dýumlyk «Zemin» telewizorlary bolsa 2736,55 manatdan Türkmenistanyň ähli künjegine eltilip berilýär. Kompaniýanyň eltip we gurnap bermek hyzmatlaryny mugt amala aşyrýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Telewizor gurnalyp, müşderi tarapyndan barlagdan geçensoň, tölegini nagt görnüşde geçirmeli.

Saýtdan telewizor satyn almak örän ýeňil. Munuň «Telewizor» bölümine girmeli we öz islän görnüşiňi saýlap, «Sargamak» bölümindäki ähli maglumatlary doldurmaly. Birnäçe wagtdan kompaniýanyň hünärmenleri size jaň edýär.

Ýene-de okaň

Amerikaly işewürler Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz satyn alýarlar

Aşgabat bilen Tähran söwda dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen elektrik energiýasynyň eksportuna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň üstaşyr ýük dolanyşygy artýar

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşýar

Ýewraziýa ulag geçelgesi: 6 ýurduň wekilleri Tähranda duşuşdylar