JEMGYÝET

Murat Bozuň Türkmenistanda konsert bermegine garaşylýar

Türkiýäniň meşhur aýdymçylaryndan Murat Bozuň şu ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Türkmenistanda konsert maksatnamasy bilen çykyş etjekdigi habar berildi. Bu barada türk aýdymçysy özüniň “Instagram” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Mundan ozal, Türkmenistanda 2 gezek konsert maksatnamasy bilen çykyş eden Murat Boz bu gezek 9-10-njy oktýabrda Türkmenistandaky muşdaklarynyň öňünde ýene-de özüniň meşhur aýdymlary bilen çykyş eder.

Türkiýäniň soňky ýyllarda uly abraýa eýe bolan aýdymçylarynyň biri bolan Murat Boz ozal 2013-nji hem-de 2024-nji ýyllarda Türkmenistanda konsert beripdi. Onuň şol ýyllardaky konsert maksatnamalary Täze ýyl dabaralarynyň çäklerinde bolupdy.

1980-nji ýylda doglan Murat Boz hem aýdymçy hem-de aktýordyr. Onuň sungat ýoly diňe bir meşhur aýdymlary bilen däl, eýsem türk kino sungatyndaky köp sanly filmleri bilen hem uly meşhurlyga eýedir.

Related posts

Serdar etrabynyň ady üýtgedildi: Gyzylarbat etrap häkimligi

Futsal Championship Turkmenistan 2020

vepa

Türkmenistanyň daşary işler ministri Erik Stýuart bilen duşuşdy