DÜNÝÄ

TIF 2026: 45-den gowrak ýurt Aşgabatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşar

1–2-nji oktýabrda Aşgabatda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF 2026) öz işine başlaýar. Ýurdumyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre 45-den gowrak döwletden işewür toparlaryň, döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy maliýe institutlarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Giň gerimli forum Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan «Türkmen Kongress» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Foruma gatnaşýan wekilleriň arasynda degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we halkara derejedäki hususy maýanyň wekilleri bar. «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Ermenistanyň ykdysadyýet ministri Geworg Papaýan, Najd Gate Holding kompaniýasynyň başlygy şazada Mansur bin Muhammed Al Saud, Kataryň Söwda we senagat ministrliginiň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, Koreýa Respublikasynyň ONU H&C Co., Ltd. kompaniýasynyň wekilleri, şeýle hem Eýranyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Mahdi Heýdari duşuşdylar.

Şeýle hem dialoga Bütindünýä bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC), Aziýa ösüş bankynyň (ADB), Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (EBRD) hem-de Maýa goýumlary çekmek boýunça agentlikleriň bütindünýä assosiasiýasynyň (WAIPA) wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylaryň üns merkezinde ykdysadyýetiň strategik pudaklary durýar:

  • Energetika we nebithimiýa, «ýaşyla» geçiş
  • Ulag geçelgeleri we Hazar sebitiniň logistika mümkinçilikleri
  • Sanly ykdysadyýet we emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy
  • Agrosenagat, syýahatçylyk, şäher infrastrukturasy we suw serişdeleri

TIF 2026 Türkmenistanyň ykdysadyýetine bolan gyzyklanmany anyk maýa goýum taslamalaryna, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we özara bähbitli şertnamalara öwürmäge ýardam edýän netijeli halkara platforma bolmagy maksat edinýär.

Related posts

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatynda pikir alşyldy

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy