BIZNES

Ilkinji ýerli smart telewizorlary internet arkaly satylýar

Ilkinji ýerli smart telewizorlar internet arkaly satylyp başlandy. Örän elýeter bahaly we ýokary hilli telewizorlary «Aýdyň gijeler» kompaniýasynyň resmi saýtyndan satyn alyp bilersiňiz.

2016-njy ýyldan bäri işleýän kompaniýanyň LED çyralary, ilkinji ýerli kompýuterleri, routerleri we kommutatorlary öndürýändigini hem aýtmak gerek. Saýt arkaly kompaniýanyň ähli önümleri bilen tanşyp bolýar.

«Tolkun» hem-de «Zemin» smart telewizorlary bolsa internet arkaly satlyga çykarylan ilkinji ýerli önümlerdir. 32 we 42 dýumlyk «Tolkun» telewizorlary, degişlilikde, 942,32 we 1779,47 manatdan, 55 dýumlyk «Zemin» telewizorlary bolsa 2736,55 manatdan Türkmenistanyň ähli künjegine eltilip berilýär. Kompaniýanyň eltip we gurnap bermek hyzmatlaryny mugt amala aşyrýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Telewizor gurnalyp, müşderi tarapyndan barlagdan geçensoň, tölegini nagt görnüşde geçirmeli.

Saýtdan telewizor satyn almak örän ýeňil. Munuň «Telewizor» bölümine girmeli we öz islän görnüşiňi saýlap, «Sargamak» bölümindäki ähli maglumatlary doldurmaly. Birnäçe wagtdan kompaniýanyň hünärmenleri size jaň edýär.

Related posts

Telekeçiler Türkmenistana «John Deere» tehnikalaryny getirýärler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaý halkara import sergisine milli pawilýony bilen gatnaşýar

Tebigy gazyň ýene bir akymy alyndy