BIZNES

Türkmen gazynyň sebit we halkara ähmiýeti

Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde “Bakunyň energetika hepdeligi” atly halkara çäresi geçirildi. Şol forumda sebit we halkara möçberinde tebigy gaz we energetika bazarynyň ýagdaýyna seljerildi.

Foruma gatnaşan daşary ýurtly bilermenler türkmen gazynyň hem sebit we halkara möçberindäki ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Hepdeligiň çäklerinde Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow arasynda gepleşikler geçirilip, şol gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmeginiň möçberini artdyrmak babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu gol çekilen ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gazyň iberilýän möçberini 2 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Bakudaky 27-nji energetika forumyň çäklerinde çykyş eden “Oxford Institute for Energy Studies” edarasynyň ylmy işgäri Gulmira Rzaýewa Türkmenistanyň gazyny swop amallary bilen Türkiýe ibermegiň mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Azerbaýjan Türkmenistandan içekri zerurlyklary üçin 2 milliard kubmetr tebigy gaz satyn alýar.

– Biz Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň tebigy gazyny öndürmegi artdyrmak , şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna tebigy gazy eksport etmek baradaky mümkinçilikleri görýäris” diýip, Rzaýewa belleýär.

 

Russiýa ýörite däl, adaty gatnawlar bolar

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy