SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2026: Hepdelik täleýnama ( 28-nji sentýabr -04-nji oktýabr )

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Size  ileri tutulýan ugurlara we uzak möhletli maksatlara täzeden garamaly boljak çylşyrymly hepde garaşýar. Ozal möhüm hasaplan käbir meseleleriňiz indi ikinji orna geçip biler. Käbir Hamallara ozal köp güýjüni biderek sarp edendigini boýun almaly bolar. Şeýle ýagdaýda hakykata dogry baha bermek, köne düşünjelere we ýalňyş garaýyşlara ýapyşmazlyk möhümdir. Öň goýberilen ýalňyşlyklary kem-kemden düzetmäge, käbir zatlary üýtgetmäge we täze ugra gönükmäge mümkinçilik döreýär. Muňa garamazdan, howlukmagyň zerurlygy ýok. Işewürlikde köp zat töweregiňizdäki adamlara bagly bolar. Şonuň üçin hyzmatdaşlary we kömekçileri örän ünsli saýlamak gerek. Täze tanyşlaryňyz göwnüňize ýaramak  üçin näçe jan etseler-de, olara derrew ynanmaga howlukmaň. Käbir Hamallar dürli şübheli adamlaryň aňsat nyşanasyna öwrülip biler. Şonuň üçin öz bähbitleriňizi goramaga taýýar boluň we şübhe döredýän tekliplere derrew razylaşmaň.
Maliýe meselesinde hepde birneme çylşyrymly geçer. Pul bilen bagly möhüm çözgütleri kabul etmeli bolarsyňyz we käbir ýagdaýlarda diňe öz içki duýgyňyza daýanmaly bolarsyňyz. Şeýle şertlerde rahat hereket etmek aňsat bolmaz. Iň esasy zat başgalaryň maslahatyna tankydy baha bermezden eýermegiň ýerine, öz bilimiňize we tejribäňize daýanmakdyr.Şahsy gatnaşyklarda ýagdaý has ýakymly bolar. Esasan hem başlangyç görkezmäge taýýar bolan Hamallar üçin bu döwür oňyn üýtgeşmeleri getirer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepdäniň esasy üstünligi öz ýoluňyzdan dowam etmek  bolar. Köp Sowurlar döredijilikli pikirlenip, täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge isleg bildirerler we munuň üçin zerur mümkinçilikleri taparlar. Aragatnaşyk gurşawyňyzda hem düýpli üýtgeşmeler bolup biler. Durmuş tejribesi siziňkiden düýpgöter tapawutly adamlar bilen tanyşmak mümkinçiligi dörär. Şeýle duşuşyklar diňe bir gyzykly däl, eýsem peýdaly hem bolar. Olaryň uzak möhletli gatnaşyga öwrülmezligi mümkin, emma uzak wagtlap ýatda galar.
Hünär ulgamynda hem üýtgeşmeleriň bolmagy ähtimal. Bu gyzykly teklipleriň gelip gowuşmagy ýa-da durmuşa geçirilmegi ösüş üçin täze mümkinçilikleri aşjak pikirleriň döremegi bilen bagly bolup biler. Her niçik ýagdaýda-da, sizden uly tagalla talap ediljekdigini göz öňünde tutuň.Maliýemeselesinde hepdäniň ortalarynda  garaşylmadyk pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy mümkin. Käbir erkek Sowurlar üçin bu ep-esli mukdardaky girdeji bolup biler. Şeýle-de, özüňize bagly bolmadyk sebäplere görä çykdajylar artar. Bu ýakynlaryň zerurlyklarynyň köpelmegi ýa-da öý-hojalyk meselelerini çözmek bilen bagly bolup biler. Iki ýagdaýda-da tygşytlamak aňsat bolmaz. Şonuň üçin çykdajylary azaltmakdan has köp goşmaça girdeji çeşmesini gözlemeklige üns bermek ýerliklidir.Bu hepdede käbir sözleriňiz we hereketleriňiz ýakynlaryňyzy geň galdyryp biler. Söýýän adamyňyz hem käbir pursatlarda gatnaşyklaryňyza öňküsi ýaly ähmiýet bermeýändigiňizi we diňe öz bähbitleriňiz bilen gyzyklanýandygyňyzy pikir edip biler. Şonuň üçin ýoldaşyňyzyň duýgularyna biperwaý garamaň we söhbetdeşlikden gaçmaň. Ýagdaýy asuda ýagdaýda ara alyp maslahatlaşsaňyz, sazlaşygy gaýtadan dikeltmek mümkin bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepde adamlar bilen aňsat düşünişip bilersiňiz. Hatda ozal sizi goldamadyk adamlar hem size tarap ädim ädip bilerler. Dostlaryňyz we öňden bäri tanaýan adamlaryňyz peýdaly maslahatlary bererler. Olaryň sözlerine üns berseňiz durmuşyňyzda birnäçe möhüm üýtgeşmeleri amala aşyryp bilersiňiz.Ýakynda iş ýerini ýa-da hünär ugruny üýtgeden Jöwzalar üçin bu hepde hünär taýdan ösmegiň täze mümkinçiliklerini açar. Şeýle adamlar ygtybarly hyzmatdaşlary tapyp, täze tanyşlary bilen bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşyp bilerler. Hatda köp wagt mundan ozal alan bilimleri hem olara peýda berip biler.Uzak möhletli hünär meýilnamalaryny düzmek, strategiýalary işläp taýýarlamak we geljekki mümkinçilikleri deňeşdirmek üçin hem bu döwür amatlydyr. Siz ýagdaýlara hakyky göz bilen baha berip, ýalňyşlyklardan we nädogry netijelerden gaça durup bilersiňiz. Hepdäniň ilkinji ýarymynda  şahsy durmuşyňyzda hem üýtgeşmeler bolup biler. Bu hepde başlan täze tanyşlyklar möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Siz köpleriň ünsüni özüňize çekersiňiz we kimdir biriniň sizi has ýakyndan tanamak islegi dörär.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepdede emosional ýagdaý birneme dartgynly bolup biler. Köp Seretanlaryň keýpi ýygy-ýygydan üýtgär. Käbir ownuk zatlara gaharlanmak, başgalaryň öjükdiriji hereketlerine çalt täsirlenmek ýa-da käbir ýagdaýlarda ýiti hereket etmek mümkin. Munuň netijesinde işde-de, şahsy gatnaşyklarda-da kynçylyklar ýüze çykyp biler. Özüňize ýakyn adamlar bilen  dawa-jenjellerden gaça durmaga çalşyň. Esasan hem ozal düşünişmezlige sebäp bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga howlukmaň. Şeýle söhbetdeşlik üçin has asuda pursady saýlamak ýerliklidir. Bu mümkinçilik, ähtimal, hepdäniň ikinji ýarymynda dörär.
Möhüm meseleleriň köpüsini özbaşdak çözmeli bolarsyňyz. Wagtynda kömege geljek adam tapylmazlygy, hatda peýdaly maslahat almaklygyň hem kyn bolmagy mümkin. Şonuň üçin öz tejribäňize, içki duýgyňyza we paýhasly pikirleriňize daýanyň. Hepdäniň ahyrynda  birnäçe üstünlikli geleşigi amala aşyrmak we maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak mümkin. Şeýle hem  söýgi gatnaşyklary sazlaşykly dowam eder. Esasan hem ýakyn adamyna eglişik etmäge taýýar we ylalaşygyň ähmiýetine düşünýän Seretanlar üçin ýagdaý oňyn bolar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepde birneme kynçylykly geçip biler. Eger ähli işleriň öz-özünden şowly bolmagyna garaşýan bolsaňyz, bu garaşyşlaryňyz ödemezligi mümkin. Haýsy ugurda işleýändigiňize garamazdan, gerekli netijä ýetmek üçin ep-esli tagalla etmelidigiňizi göz öňünde tutuň. Esasan hem iş ýerindäki ornuny berkitmek ýa-da soňky döwürde ýüze çykan hünär kynçylyklaryny ýeňip geçmek isleýän Esetler üçin bu möhüm bolar. Ozallar goldaw berjekdigini aýdýan adamlaryň häzirki wagtda kömek etmäge taýýar däldigi ýüze çykyp biler. Hatda gowy maslahat almak hem kyn bolar. Şonuň üçin käbir çözgütleri özbaşdak kabul etmeli bolarsyňyz.
Käbir Esetler  maliýe meselelerinde howlukmazlyk aýratyn möhümdir. Esasan hem uly möçberli maýa goýumlar ýa-da gymmat bahaly satyn alyşlar barada gürrüň gidýän bolsa, ähli mümkinçilikleri içgin seljeriň.Şeýle hem hepdäniň ahyrynda şahsy gatnaşyklarda ýagdaý hemişe birsydyrgyn bolmaz. Munuň bir sebäbi köp Esetleriň häzirki wagtda öz aladalaryna aşa köp üns berip, ýakyn adamyna isleýşi ýaly wagt bölüp bilmezligidir. Beýleki tarapdan, käbirleri bolup geçýän zatlara öz isleglerine görä baha berip, hakykaty hyýal bilen çalşyp bilerler. Esasan hem ýakynda gatnaşyk başlan Esetler üçin bu möhüm. Ýagdaýa hakyky göz bilen garamak, artykmaç çaklamalardan we hyýallardan gaça durmak zerurdyr.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepde alada etmäge düýpli sebäp bolmaz. Siziň üçin amatly şertler emele gelip, ýüze çykýan meseleleri çözmekde bu mümkinçiliklerden peýdalanyp bilersiňiz. Ýakymly garaşylmadyk wakalaryň we hoş habarlaryň bolmagy mümkin. Uzak ýerlerden gelip gowuşjak täzelikler diňe size däl, eýsem ýakynlaryňyza hem möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýakyn geljek üçin meýilnamalaryňyzy kesgitläp, olary durmuşa geçirmäge girişmegiňiz mümkin. Garaşylmadyk adamlaryň hem meýilnamalaryňyzy amala aşyrmaga kömek teklip etmegi ähtimal.
Bu hepde işewürlik tekliplerine baý bolar. Esasan hem soňky döwürde iş ýerini üýtgetmek barada pikirlenýän, ýöne heniz anyk ädim ädmedik Sünbüleler üçin amatly mümkinçilikler dörär. Gowy wezipe ýa-da täze iş teklibi hut özüňize gelip biler.Maliýe ýagdaýynda oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Üstünlikli geleşikleri baglaşmak, käbir Sünbüleleriň bolsa uly möçberde öwez töleglerini almak mümkinçiligi bar. Gowy ýerine ýetirilen iş üçin baýrak hem berlip biler. Özbaşdak işleýänleriň girdejilerini artdyrmaga mümkinçilikleri bolar, ýöne munuň üçin iş ýüküniň köpelmegi mümkin.Şwýlw hem söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyz ýeňil we sazlaşykly dowam eder. Ownuk düşünişmezliklerden ýa-da sebäpsiz jedellerden kän bir alada etmeseňiz hem bolar. Hepdäniň ikinji ýarymy bilelikdäki meýilnamalary, şol sanda uzak möhletli geljek bilen bagly maksatlary ara alyp maslahatlaşmak üçin örän amatlydyr. Käbir Sünbüleler ozal kän bir ähmiýet bermedik gatnaşyklarynyň eýýäm çuňlaşandygyny we özleri üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygyny duýup bilerler. Bu hem gatnaşyklardaky oňyn özgerişleriň bir görnüşidir.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu hepde asuda geçer. Esasy artykmaçlygy bolsa hiç ýere howlugyp, dartgynly ýagdaýda möhüm kararlar kabul etmeli bolmazlygyňyzdyr. Çynlakaý kynçylyklar ýüze çyksa-da, ýanyňyzda kömek sorap biljek adamlaryňyz bolar. Ýakynlaryňyz size peýdaly maslahatlar bererler.  Hepdäniň dowamynda täze taslamalara girişmek we soňky döwürde özüňizde ýa-da dostlaryňyzda dörän pikirleri durmuşa geçirmek üçin amatly şertler emele geler.Köp Mizanlar tanyş meseleleri çözmäge döredijilikli çemeleşerler we hut şu sebäpli üstünlik gazanarlar. Başgalaryň çykalga tapmadyk ýerinde siz netijeli çözgüt tapyp bilersiňiz. Hünär taýdan bu hepde döredijilik ugurlarynda işleýänler, şeýle hem bilim, medeniýet we sungat pudagynyň wekilleri üçin aýratyn amatly bolar.Üstünlikli geleşikleriň bolmagy ähtimal. Maliýe taýdan täjirçilik bilen meşgullanýanlar, aýratyn-da sungat eserleriniň, gadymy gymmatlyklaryň, seýrek we özboluşly zatlaryň söwdasy bilen bagly adamlar üçin mümkinçilikler dörär. Soňky döwürde öz işini açmak barada köp oýlanan, ýöne ilkinji ädimi ädmäge ýeterlik serişdeleriň ýokdugyna şübhelenen Mizanlar üçin hem gyzykly döwür bolar. Olara wagtynda goldaw berjek maýadarlar tapylyp biler. Şeýle-de bolsa, aşa töwekgelçilikli maýa goýumlardan gaça durmak zerurdyr.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Howlukmaň. Bu hepde oýlanyşykly kararlar kabul edip, möhüm ädimleri amatly pursada garaşyp amala aşyrsaňyz, ýagdaý siziň üçin şowly bolar. Ýoluňyzda dürli päsgelçilikleriň duş gelmegi mümkin. Emma esasy wezipe olary islendik ýagdaýda ýeňip geçmäge synanyşmak däl-de, başga ýollaryň bardygyny göz öňünde tutmakdyr. Ýakynlaryňyz bilen söhbetdeşlikler täze we gyzykly pikirleriň döremegine sebäp bolup biler. Durmuşda köp üstünlik gazanan adamlaryň tejribesi size häzir aýratyn peýdaly bolar.Hyzmatdaşlaryňyz we ýolbaşçylaryňyz bilen gatnaşyklarda dartgynly pursatlar ýüze çykyp biler. Uzak wagt bäri bile işleýän adamlaryň garaşylmadyk talaplary ýa-da nägilelikleri bilen ýüzbe-ýüz bolmagyňyz mümkin. Şonuň üçin iş endikleriňize täzeden garamak, hatda iş tertibiňizi üýtgetmek zerurlygy hem ýüze çykyp biler. Maliýe ýagdaýyny ep-esli gowulandyrmak isleýän Akraplar üçin şeýle mümkinçilik dörär. Elbetde, bu ýeňil girdeji gazanjak döwür däl, ýöne zähmet çekmäge taýýar bolsaňyz, şertler amatly bolar. Esasan hem hukukçylar, adwokatlar, maliýe geňeşçileri, şeýle hem işewürlik we resminama dolandyryşy boýunça hünärmenler üçin maliýe taýdan üstünlikli hepde bolup biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu hepde gapma-garşylykly ýagdaýlar bilen häsiýetlense-de, umuman, erbet geçmez. Iň esasy zat, ýüze çykýan kynçylyklara däl-de, açylýan mümkinçiliklere has köp üns bermekdir. Oňyn garaýşyňyzy saklasaňyz, kynçylyklary çözmegiň we emele gelen ýagdaýdan peýda gazanmagyň ýoluny çalt taparsyňyz.Bu hepde dürli garaýyşly adamlar bilen köp duşuşyklar bolup biler. Siziň pikirleriňizden düýpgöter tapawutly garaýyşlary bolan adamlar bilen söhbetdeş bolmaly bolarsyňyz. Şeýle ýagdaýlarda wagtyňyzy jedelleşmek bilen geçirmegiň ýerine, garşy tarapyň pikirini üns bilen diňlemäge çalşyň. Olaryň aýtjak sözlerinde peýdaly maglumatlar ýa-da sizi täze pikirleriň döremegine alyp barjak garaýyşlar bolup biler.Işewürlik ulgamynda ýagdaý kem-kemden üýtgär. Siz has köp jogapkärçiligi öz üstüňize alyp başlarsyňyz. Ozal hünär mümkinçilikleriňize şübhelenen adamlaryň size bolan ynamy artar. Hatda olaryň hyzmatdaşlyk teklip etmegi hem mümkin. Ýolbaşçylyk ukyplaryňyzy görkezmek üçin bu amatly döwürdir. Eger ýolbaşçylyk wezipesine eýýäm taýýar bolsaňyz, diňe özüňiz işlemek bilen çäklenmän, başgalaryň işini hem gurap bilýändigiňizi görkezmäge mümkinçilik bolar.Şahsy gatnaşyklarda düýpli üýtgeşmeleriň bolmagy ähtimal däl. Bu hepde öňden gelýän gatnaşyklary berkitmek üçin amatlydyr. Söýýän adamyňyz bilen aragatnaşykda käbir kynçylyklar ýüze çykan bolsa, olaryň sebäbine düşünip, ýagdaýy düzetmegiň ýoluny tapyp bilersiňiz. Hepdäniň ikinji ýarymy täze tanyşlyklara açyk Kowuslar üçin ýakymly garaşylmadyk wakalary getirer. Siziň göwnüňize ýaraýan adamyň hem size gyzyklanma bildirmegi mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01

Bu hepde ýeňil geçmez. Emma tutanýerlilik görkezseňiz, ýüze çykjak ähli kynçylyklary çözmegiň ýoluny taparsyňyz. Hepdäniň ilkinji ýarymynda köp meseleleri özbaşdak çözmeli bolmagyňyz mümkin. Kömek bermäge taýýar adamlar kän bolmaz. Bu ýagdaý başgalara kömek etmäge hemişe taýýar bolan käbir Jedileri gynandyryp biler. Olar öz tagallalarynyň ýeterlik derejede gadyr-gymmatynyň bilinmeýändigini duýup bilerler. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýa giň düşünje bilen garamak gerek. Netijede, ähli kynçylyklary özbaşdak ýeňip geçmäge güýjüňiziň ýetýändigini görersiňiz.Iş ýerindäki ýagdaý öňküsinden birneme çylşyrymlaşyp biler. Goşmaça wezipeleriň ýüze çykmagy, ýöne olaryň üçin goşmaça tölegiň berilmezligi mümkin. Muňa garamazdan, täze borçlara jogapkärçilikli çemeleşmek gerek. Uzak möhletde edýän tagallalaryňyz hökman peýda berer. Işe biperwaý garamak ýa-da jogapkärçiligi peseltmek has uly kynçylyklara getirip biler. Şeýle hem  hyzmatdaşlaryňyz bilen gatnaşyklarda hem üýtgeşmeler bolup biler. Öň umumy dil tapmak kyn bolan adamlar size tarap ädim ädip bilerler. Hatda ozal dürli meselelerde jedelleşen adamlaryň biri bilen dostlukly gatnaşyk hem ýola goýulmagy mümkin.Kiçi telekeçilik bilen meşgullanýan ýa-da hyzmatlaryny tölegli esasda hödürleýän Jedileriň maliýe ýagdaýy birneme gowulaşyp biler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Wakalar siziň isleýşiňizden has haýal ösüp biler. Şonuň üçin esasan hem bu hepde uly meýilnamalaryňyz bar bolsa, sabyrly boluň. Öňüňizde goýýan maksadyňyz näçe çylşyrymly bolsa, ony amala aşyrmak üçin şonça-da köp tagalla gerek bolar. Öňden bäri tanaýan adamlaryňyz size kömek etmäge çalşarlar. Emma olaryň mümkinçilikleriniň häzirki ýagdaýda çäkli bolmagy mümkin. Ýakynda tanyşan adamlaryňyz kömek teklip etse, muňa derrew begenmegiň ýerine, seresaply çemeleşiň. Olaryň getirjek peýdasyndan zyýanynyň köp bolmagy mümkin.
Işe örän jogapkärçilikli çemeleşiň. Sebäbi synçylygyňyz, takyklygyňyz we ownuk jikme-jikliklere üns bermegiňiz ýalňyşlyklaryň öňüni almaga kömek eder. Kärdeşleriňiziň goýberen kemçiliklerini hem wagtynda görüp, olary düzetmegiň ýollaryny görkezip bilersiňiz. Muňa hemmeler hoşal bolmaz. Kimdir biri sizi aşa ownukçyllykda aýyplap, nägileligini bildirip biler. Emma hepdäniň ahyrynda çynlakaý kynçylygyň öňüni almaga hut siziň ünsüňiziň sebäp bolandygy belli bolar.Maliýe meselelerine hem jogapkärçilikli çemeleşersiňiz. Öňümizdäki birnäçe aý üçin býujeti meýilleşdirmek üçin bu hepde örän amatlydyr. Girdejileri artdyrmagyň ýa-da goşmaça pul çeşmelerini tapmagyň mümkinçiligine, haýsy çykdajylary azaltmagyň ýa-da düýbünden aradan aýyrmagyň mümkindigine düşünip bilersiňiz. Şeýle-de, haýsy zatlarda tygşytlamagyň bolmaýandygyny anyk kesgitlärsiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu hepde örän gyzykly wakalara baý bolar. Köp Hutlaryň adaty ýagdaýdakydan has köp güýji bolar. Şonuň üçin olar çylşyrymly işlere höwes bilen girişip, uzak wagt bäri yza süýşürip gelýän meselelerini çözmäge başlarlar. Köp işleriň üstünlikli amala aşmagy mümkin.Amatly ýagdaýlaryň emele gelmegi hünär taýdan ösüş we şahsy durmuşdaky üýtgeşmeler üçin öňüňizde köp mümkinçilikleri açyp biler. Adatça seresap hereket edýän we möhüm kararlary uzak wagtlap oýlanyp kabul edýän bolsaňyz-da, häzir çalt hereket etmelidigiňizi duýup bilersiňiz. Bu ýagdaýda içki duýgyňyz sizi ýalňyşdyrmaz. Onuň görkezmelerine üns berseňiz, amatly pursady elden gidirmersiňiz.Soňky döwürde bir ýerde duran ýaly bolup, hatda saýlan hünär ugrunyň dogrudygyna şübhelenip başlan Hutlar işde uly üstünlik gazanyp bilerler. Şeýle adamlar özleri üçin hakykatdan-da gyzykly bolan işe girişip, mümkinçiliklerini doly görkezerler.
Adaty bolmadyk çözgütleriňiz girdejileriňiziň artmagyna ýardam edip biler. Bu döwürde maliýe ýagdaýyny gowulandyrmagyň adaty ýollary bilen bir hatarda täze mümkinçilikler hem peýda bolar. Mysal üçin, täze girdeji çeşmesini tapmak, güýmenjäňizi girdeji getirýän işe öwürmek ýa-da öz bilimleriňizden we zehinleriňizden peýdalanmagyň ýoluny tapmak mümkin. Bu ýerde iň esasy zat, işewür hyzmatdaşlary dogry saýlamakdyr. Eger size amatly şertlerde hyzmatdaşlyk teklip edilse, ähli jikme-jiklikleri öňünden ara alyp maslahatlaşyň we şertnamany ýazmaça görnüşde resmileşdirmegi unutmaň. Romantik gatnaşyklarda oňyn ýagdaýlar agdyklyk eder. Bu döwürde içki duýgyňyza bil baglap bilersiňiz. Ol söýýän adamyňyz bilen nähili gatnaşyk saklamalydygyňyzy, düşünişmezlikleriň öňüni almak üçin näme etmelidigiňizi we gatnaşyklaryňyzy nähili gowulandyrmalydygyňyzy görkezer. Bu hepde romantik garaşylmadyk sowgatlara, ýatda galyjy pursatlara, täsin duşuşyklara we ýakymly sowgatlara baý bolar. Şeýle wakalar diňe şol pursatda şatlyk getirmek bilen çäklenmän, uzak wagtlap ýakymly ýatlamalary hem galdyrar.

Related posts

7-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

1-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

17-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama