SPORT

Awstraliýa bilen Täze Zelandiýa dünýä çempionatyny geçirer

2023-nji ýylda zenanlaryň arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionaty Awstraliýa bilen Täze Zelandiýada geçiriler. Bu futbol ýaryşynyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionaty birbada 2 ýurtda geçiriler. Bu iki ýurduň bilelikdäki ýüz tutmasy 22 ses aldy.

Şeýle hem bu ýaryşy gurnamak üçin Kolumbiýa bilen Ýaponiýa hem ýüz tutupdy. Ýöne ýaponlar soňra koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüz tutmasyny yzyna alypdy.

Mundan başga-da, Awstraliýa bilen Täze Zelandiýada geçiriljek çempionatda ilkinji gezek 32 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşar. Çempionatyň anyk günleri barada entek maglumat berilmedi.

– FIFA-nyň Geňeşi 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan başlap, ýaryşa 24 däl-de, 32 milli ýygyndy gatnaşjakdygyna karar berdi. Bu zenanlaryň arasyndaky futbolyň ösüşine has-da oňyn täsir eder – diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino belledi.

Zenanlaryň arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionaty 4 ýylda bir gezek geçirilýär. Bir öňki çempionat Fransiýada geçirilipdi we ABŞ çempion bolupdy.

Häzirki dünýä çempiony Amerikanyň milli ýygyndysy 4 gezek dünýä çempiony bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy