«Counterpoint Research» gözleg gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, “Huawei” kompaniýasy häzirki wagtda dünýäde iň uly smartfon öndürijisi bolup, “Samsung” kompaniýasyndan öňe saýlandy. «Counterpoint Research» we «Gizmochina» bilen geçirilen seljermelere görä, “Huawei”-iň bazar paýynyň 19 göterime ýetendigini, “Samsungyň” şol döwürde bary-ýogy 17 göterim paý alyp bilendigini aýdýar. Bu hasabat 2020-nji ýylyň aprel aýynda geçirildi.
“Huawei” henizem bazarda iň geçginli smartfonlaryň hatarynda saklanýar. Olardan esasan hem “P” we “Mate” seriýalary iň oňat ykjam fotosuratlardan birini hödürleýär. Beýleki tarapdan, “Honor X10” seriýasy 5G we arzan bahadan ajaýyp önümleriň birine öwrüldi.
Ýurtlaryň köpüsiniň ykdysadyýeti COVID-19 sebäpli pese gaçdy. Netijede, bu ýagdaý täze smartfonlara bolan islege hem täsir etdi. Esasan hem, Hindistan, ABŞ we Ýewropa ýaly sebitlerde ýagdaý şeýleräk. Bu sebitler “Samsung” üçin iň möhüm bazarlar bolansoň, kompaniýanyň satuwlaryna täsir etdi. Hytaýyň ykdysadyýeti 2020-nji ýylyň mart aýynda gowulaşdy we “Huawei” ýaly smartfon öndürijileri has köp işleri amala aşyryp başlady. Netijede, “Huawei” 2020-nji ýylyň aprelinde dünýäniň iň uly smartfon öndürijisi boldy.