SPORT

Mourinýo hem Silwa bilen gyzyklanýar

Fransiýanyň PSŽ toparynyň braziliýaly goragçysy Tiago Silwanyň topary bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanyp barýar. Topar bu ökde oýunçysy bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmagy göz öňünde tutmaýar.

Şonuň üçin bu futbolçy bilen gyzyklanýan toparlaryň sany köpelip başlady. Angliýanyň “Arsenal” we “Ewerton” toparlaryndan soňra “Tottenhem” toparynyň tälimçisi Žoze Mourinýo hem bu futbolçy bilen gyzyklandy. Ol braziliýaly goragçyny öz toparynyň hataryna goşmagy isleýär. Mourinýo şu ýylyň tomsunda topardan gitmegine garaşylýan Ýan Wertongeniň ýerine Tiago Silwany oýnatmagy meýilleşdirýär.

35 ýaşly Tiago Silwa 2012-nji ýylda “Milan” toparyndan PSŽ toparyna geçdi. PSŽ toparynyň düzüminde ähli ýaryşlar boýunça 310 duşuşykda oýnap, 17 gezek tapawutlandy.

Related posts

“Premýer-Liganyň” ilkinji zenan emini

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty ilkinji gezek 3 ýurtda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri