TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň kiçi skeýtiniň satuwyna başlandy

Tehnologiýanyň çalt depginlerde ösmegi bilen ulag ulgamyndaky önümçilik hem köp dürlüliligi bilen hemmeleri haýran galdyryp barýar. Muňa Ýaponiýada öndürilen skeýti görkezmek bolar. Ol şäher ýerindäki hereketde hakyky üstünlik bolup biler.

Ýaponiýanyň «Cocoa Motors» kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän «Walkcar» (“Ýöreýän ulag”) atly dünýäniň iň kiçi skeýtiniň söwdasyna başlaýar. Suratdan hem görnüşi ýaly ol noutbuk ululygynda.

Bu enjamyň uly bolmadyk akkumulýatory 7 kilometr menzil geçmäge ukyplydyr. Iň ýokary tizligi sagatda 16 kilometre deňdir. Onuň agramy 2,9 kilogram.

Ýaponiýada eýýäm bu enjam üçin sargyt kabul edilip başlandy. Onuň bahasy 1844 dollara deňdir.

Related posts

Redmi K30 Pro 24-nji martda satuwa çykarylar

Türkiýeli astronawt kosmos giňişligine çykdy

“Tesla” Ýewropadaky ilkinji zawodyny açdy

Ata Watan Eserleri