TEHNOLOGIÝA

Şu hepdäniň howa maglumaty

Siz biziň howa maglumaty sahypamyzda howanyň häzirki ýagdaýy we geljekki 5 günlük howa maglumaty baradaky çaklamalary görüp bilersiňiz. Şonda, Howanyň temperaturasy (°C) bilen bilelikde howanyň hadysasy (bulutly we şm), Ýeliň ugry we tizligi (m/s), Howanyň çyglylygy (%) we Howanyň basyşy (mm) Size ýetiriler.

Howa maglumatyny öwrenmek üçin şu ýere basyň!

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. “Türkmenistan” gazetinde çap edilen maglumata laýyklykda, şu hepdedäki howanyň ýagdaýy şeýle bolmagyna garaşylýar:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniňbaşynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3…+2 gradusdan +4…+9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12…+17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7…+12 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniňbaşynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1…-6 gradus sowukdan +1…+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2…+7 gradusdan +11…+16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniňikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3…-8 gradus sowukdan +1…+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0…+5 gradusdan  +11…+16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniňikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7…-12 gradus aýazdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0…+5 gradusdan +12..+17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniňbaşyndawe ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7…-12 gradus aýazdan -2…+3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3…+2 gradusdan +3…+8 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-4 gradus sowukdan +2…+4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5…+7 gradusdan +13…+15 gradus aralygynda maýyl bolar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar