TEHNOLOGIÝA

“Akylly” perdeler peýda boldy

“Xiaomi” kompaniýasy  akylly öýler üçin täze önüm hödürledi. Ol hem “Xiaomi Mi Smart Perde” atly akylly awtomatiki perdeler ulgamydyr. “Xiaomi Mi Smart Perde” ulgamy 10-njy iýundan soň, “Xiaonmu Youpin” köpçülikleýin maliýeleşdiriş platformasynda çykar. “Xiaomi Mi Smart Perde” magniý-alýumin garyndysyndan ýasalan üç metrlik demirýoly, perdeleri açmak we ýapmak üçin hereketlendiriji, şeýle hem magnitli uzakdan dolandyrmagy öz içine alýar. Hytaýda kompaniýa ulgamy mugt gurnamak üçin hyzmat berer we sargyt goýlandan soň, müşderi diňe gurnama wagty üçin perdeleri taýýarlamaly bolar. Ulgam daşky ýagtylyga ýa-da Günüň wagtyna baglylykda perdeler awtomatiki açylar we ýapylar ýaly düzülip bilner. Şeýle hem ulanyjylar “Mi Home” programmasy arkaly we ses buýruklaryny ulanyp, akylly perdeleri dolandyryp bilerler. Kompaniýa, elektrik togy bolmadyk halatlarynda hemperdeleri el bilen açyp we ýapmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri döretdi.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar