SPORT

“Mançester Siti”-niň kapitanyna Katarda garaşýarlar

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň kapitany Dewid Silwa futbol karýerasyny Kataryň çempionatynda dowam etdirip biler. 34 ýaşly ispan futbolçysy bilen Kataryň “Al-Duhail” topary gyzyklanýar.

Silwanyň “Mançester Siti” bilen şertnamasy 30-njy iýunda gutarýar, şondan soň oýunçy erkin agent bolar. “Sport-Express” internet neşiriniň habaryna görä, Silwa entek futbol ýoluny nirede dowam etdirjekdigi barada karar bermedi. Ol möwsümi tamamlamak üçin häzirki topary bilen gysga möhletli şertnama baglaşyp biler.

Dewid Silwa “Mançester Siti” toparynda 10 ýyldan bäri oýnap gelýär. Bu möwsümiň ähli ýaryşlarda 28 duşuşykda oýnady, 3 pökgi geçirip, 8 asist etdi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dewid Silwa dünýä çempiony boldy we iki gezek Ýewropanyň çempionatynda ýeňiji boldy

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy