SPORT

Şewçenko şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Ukrainanyň Futbol Bileleşigi ýurduň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi Andreý Şewçenko bilen bolan şertnamasynyň möhletiniň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzadylandygyny mälim etdi. 43 ýaşly hünärmen bilen täze şertnama gol çekişildi.

Şewçenko 2016-njy ýylyň tomsunda milli ýygyndynyň tälimçiligine bellendi. Ukrainanyň milli ýygyndysy onuň tälim bermeginde 33 duşuşygyň 19-ynda ýeňiş gazanyp, 5 gezek ýeňildi we 9 duşuşykda deňme-deň oýnady. Milli ýygyndynyň 2021-nji ýyla süýşürilen we 2020-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan Ýewropa çempionatyna gatnaşmagynda Şewçenkonyň goşandy uludyr.

Andreý Şewçenkonyň özi hem tanymal futbolçydyr. Ol Ukrainanyň “Dinamo Kiýew” toparyndan futbol ýoluna başlap, soňra Italiýanyň “Milan” hem-de Angliýanyň “Çelsi” toparlarynda çykyş etdi. Sewçenko “Milan” toparynyň düzüminde uly üstünliklere ýetdi. Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, UEFA-nyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy hem-de Ýewropanyň iň gowy futbolçysy diýen ada eýe boldy.

Ýene-de okaň

Ronaldoly “Al-Nasr” bilen duşuşjak «Arkadag» topary düzümini güýçlendirýär

“Çelsi” topary Winisius üçin €150 milliondan gowrak teklip bermäge taýýar

Amorim “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen agyr atletikaçylaryndan 21 medal!

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler