TEHNOLOGIÝA

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ üstünde işläp başlandygyna resmi taýdan belledi. Şeýle hem Leý Szýun “COVID-19” pandemiýasy sebäpli kompaniýa kynçylyk çekýändigini nygtady.

“Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy 5G ulgamynyň senagatda täze özgerişlikleri amala aaşyrjakdygyny, ýagny wideomaslahatlary gurnamakda, kompýuter oýunlarynda, hyzmatlarda we öz-özüni dolandyrylýan awtoulaglarda işjeñ ulanylar – diýip belleýär.

Şeýle hem kompaniýa mundan beýläk ähli akylly telefonlaryny 5G ulgamynda öndürer. “Xiaomi” kompaniýasy we Hytaý Halk Respublikasynyñ ýolbaşçylary birlikde tebigy hadysalary duýdurýan täze ulgamyň üstünde işläp başlar. Leý Szýun 6G ulgamyna degişli anyk maglumat bermedi. Ýöne Hytaýyñ hökümeti bilen bu ugurda täze işlerini geçirip başlandygy belledi. Şeýle hem kompaniýa emeli hemra arkaly internet tehnologiýasynyñ üstünde işleýändigini nygtaldy.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi