SPORT

Iň gymmat futbolçy bolar

Soňky günlerde Angliýanyň milli ýygyndysynyň we “Tottenhem” toparynyň hüjümçisi Gary Keýniň transfer edilip-edilmejekdigi barada habarlara köp duş gelinýär. Angliýanyň metbugatyna görä, “Mançester Ýunaýted” topary bu ökde futbolçyny satyn almak üçin ummasyz köp mukdarda maliýe serişdelerini sarp etmegi göz öňünde tutýar.

Eger bu transfer amala aşyrylan halatynda Garry Keýn Angliýanyň çempionatynyň iň gymmat futbolçysy bolar. Stadionyň gurluşygy we koronawirus sebäpli emele gelen maliýe kynçylyklara sezewar bolan “Tottenhem” topary düzümindäki iň ökde oýunçyny satmagy meýilleşdirýär.

“Daily Mail” neşiriniň habaryna görä, “Tottenhem” topary futbolçysy üçin 230 million ýewro baha kesgitledi.

Topardan gidip biljekdigini mälim eden Keýn bu barada şeýle diýdi: “Men hyjuwly türgen. Özümi kämilleşdirip, ýokary sepgitlere ýetmek isleýärin. Toparda galmagym onuň nähili kämilleşjekdigine baglydyr. Hemişelik bu toparda galyp bilmerin”.

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri