SPORT

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Sekiz gezek «Altyn pökgi» baýragynyň eýesi bolan argentinaly futbolçy Lionel Messi Ispaniýanyň «UE Cornellà» klubynyň täze eýesi boldy diýip, sport neşirleri habar berýär.

1951-nji ýylda esaslandyrylan «UE Cornellà» kluby Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň Üçünji diwizionynda (Ispaniýa çempionatynyň bäşinji derejesi) çykyş edýär.

Klub Barselona welaýatynyň Kornelýa-de-Lýobregat şäherinde ýerleşýär we özüniň ýaş futbolçylary taýýarlamak ulgamy, şeýle hem Ispaniýanyň ýarym professional futbolyndaky durnukly orny bilen tanalýar.

Klubyň hereket edýän döwründe onuň ulgamynda birnäçe meşhur oýunçylar, şol sanda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Dawid Raýa, goragçy Žordi Alba, şeýle hem Žerar Martin ýaly futbolçylar türgenleşik geçdiler.

«Kornelýa» bilen baglanyşykly öňki we häzirki futbolçylaryň arasynda Hawi Puado, Keýta Balde, Aýtor Ruibal we Iliýe Sançes hem bar.

Häzirki wagtda «Kornelýa» öz toparynda üçünji orny eýeleýär. Möwsümiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda, klub 30 tapgyrdan soň 55 utuk toplap, liderden 5 utuk yzda barýar.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy