JEMGYÝET

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Hytaý Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäginde tehnologiki innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagyň we gaz pudagynyň ähli tapgyrlary boýunça bilelikde çözgütleri ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň özleşdirilmegine badalga bermek dabarasynda eden çykyşynda belledi.

Bu dabara Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň işlerine girişilmegine bagyşlandy.

Hytaý tarapy aşakdaky ugurlara ünsi jemlemegi teklip etdi:

  • Gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmek;

  • Dolandyryşda we tehnologiýalarda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak;

  • Ähli önümçilik zynjyry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek.

Şeýle hem, tehnologiýa alyş-çalşygyny ösdürmäge we hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy