PEÝDALY MASLAHAT

Döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin haýsy edara ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 67-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi üçin (muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullary degişli däldir) olara hukugy bolan adamlar hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna ýüz tutmalydyrlar.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin, olara hukugy bolan adamlar esasy iş ýeri boýunça iş berijä ýüz tutulmaly.

Çeşme : minjust.gov.tm

Related posts

Ýagly saçlar üçin iň oňat ideg maslahatlary

Has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowylandyrylan ýaşaýyş jaýlar : Gerekli resminamalar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bildirişi

Ata Watan Eserleri