SIZDEN GELENLER

Ylym-bilim — üstünlikleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy täze mazmun bilen baýlaşýar. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni eziz Diýarymyzyň zehinli, watansöýüji hem-de giň dünýägaraýyşly ýaşlaryny täze sepgitlere çagyrýan ajaýyp baýramdyr.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini döwrebaplaşdyrmak, ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýokary bilimi kämil derejede ösdürmäge giň şertleriň döredilýändiginden nyşandyr.

Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň isleg bildirilýän ugurlaryny kesgitlemekde öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» taýýarlanyp, bu gollanma şu ýylyň fewralynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öz internet sahypalarynda ähli gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça, şol sanda bilim maksatnamalary, fakultetlerdir hünärler, dalaşgärler üçin maglumatlar we beýlekiler barada giňişleýin maglumatlary ýerleşdirip, sanly formaty işjeň ösdürýändiklerini bellemek gerek.

Ýurdumyz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän bilim we ylym diplomatiýasynda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän halkara çäreleriň işjeňleşdirilmegi milli ýokary bilim ulgamynyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek, talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň halkara akademiki giňişlige işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini subut edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan köp sany halkara çäreler guraldy we guralýar.

Halkara forumlar ylym-bilim ulgamynda özara tejribe alyşmaga, täze ylmy barlaglaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga, sanly özgertmeler, emeli aň, innowasion ykdysadyýet, durnukly ösüş, “ýaşyl” tehnologiýalar, lukmançylyk, oba hojalygy, inženerçilik, tebigy we takyk ylymlar ýaly ugurlar boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara olimpiadalar bolsa ýaşlaryň bilim derejesini halkara ölçeglerde deňeşdirmäge, zehinli talyplary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik hem-de ylmy başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür» diýip belleýär. Garaşsyz Diýarymyzy belent ösüşlere sary alyp barýan, kämil bilimli, ylymly we belent maksatly ýaşlarymyz eziz Watanymyzyň ýagty ertirleriniň kepilidir.

Bilşimiz ýaly, ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary üstünlikli tamamlandy. Şanly wakalara beslenip dowam edýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ýokary bilim alyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ýaly belent arzuwlary ýüreginde besleýän ýaşlaryň ençemesi «talyp» diýen hormatly ada mynasyp boldular. Ýeri gelende bellesek, täze okuw ýylynda orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň ençemesinde täze hünärler açyldy. Şeýlelikde, şu ýylda hünärmen maksatnamasy boýunça jemi 10 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 4, taýýarlyk ugry, magistr maksatnamasy boýunça bolsa 6 taýýarlyk ugry boýunça talyplaryň ilkinji tapgyry okuwa kabul edildi. Durmuşa geçirilýän şeýle guwandyryjy işleriň netijesinde ýaşlarymyza geljegiň zerur hünärleri boýunça kämil bilim almaga hemmetaraplaýyn mümkinçilikleriň döredilýändigi bolsa buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Hawa, bosagada täze 2026-2027-nji okuw ýyly we asylly däbe görä oňa badalga berýän Bilimler we talyp ýaşlar güni. Hormatly Prezidentimiz: «Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki beýik döwrümizde milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip belleýär. Durmuşa geçirilýän şeýle belent maksatlardan, özleri hakynda edilýän üns-aladalardan ruhlanýan ýaş nesillerimiz täze okuw ýylynda hem bilim alyp, ertiriň kämil şahsyýetleri bolmak ugrunda yhlasly zähmet çekerler, öwrenerler, dörederler.

Goý, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Merjen Goşaýewa,

Türkmenistanyň Telekomunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy. 

Related posts

Ulag-logistika – möhüm pudak

Beýik Ýüpek ýolunyň  Sarahs – Merw şahasy

Ata Watan Eserleri

Ýaş bolaýyn diýseňiz…

Ata Watan Eserleri