TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” “Mi Pad 5” planşetini tanyşdyrmaga taýýarlanýar

“Xiaomi” şereketi awgust aýynda täze planşetini tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. “Xiaomi Mi Pad 5” diýlip atlandyrylan planşetden ulanyjylar köp zada garaşýarlar. Şereket internetde garaşylýan planşetiň görnüşini we ulanylan prosessoryň modelini görkezýän wideo paýlaşdy. Bu wideoda “Mi Pad 5″ planşetiň hemmetaraplaýyn görnüşi görkezilipdir. Planşetiň öň tarapyndaky ekranyň töweregindäki kiçijik çarçuwalar ilkinji ünsüňi çekýän aýratynlyk bolup durýar. 11” ululykdaky ekran 2K durulygy hem-de 120 Hz (hertz) täzelenme tizligini goldaýar.

Planşetiň arkasynda 2 sany kamera we bir sany LED çyrasy ýerleşdirilipdir.

Täze çykan habarlara görä, Android bilen üpjün edilen “Mi Pad 5” telefony 2 sany görnüşde çykar. Olar “Qualcomm Snapdragon 870” we “Snapdragon 860” prosessorlar arkaly goldanylýar.

Planşetiň arkasyndaky kamera 48 megapiksel durulykda. Şeýle hem bu planşet 67W tiz zarýady goldaýar.

“Xiaomi Mi Pad 5” planşetiniň dünýä bazarynda ilkinji satyljak bahasy 300 dollar bolar.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Türkmenistandan Täjigistana gynanç

 

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär