TEHNOLOGIÝA

“Realme” 19 GB içki ýatly telefonyny tanyşdyrdy

Dünýädäki meşhur telefon öndüriji şereketleriň içki ýatly bäsdeşligine “Realme” şereketinden-de bir jogap geldi. Ýagny “Realme” şereketi “Realme GTVMaster Explorer Edition” atly telefonyny tanyşdyrdy.

Telefonyň aýratynlyklaryna seredenimizde, bu telefonda edil “Oppo Find X3 Pro” we “OnePlus 9 Pro” smartfonlaryndaky ýaly 50 megapiksel durulygyndaky hem-de 1/1.56″ ululykdaky “Sony IMX 766” sensory bilen üpjün edilen kamera bar. Telefonyň iň üns çekiji tarapy bolsa, onuň 19 GB içki ýada (RAM) eýe bolmagydyr.

“Realme GT Master Explorer Edition” telefony 6.55″ ululykdaky, 120 Hz täzelenme tizligine eýe we 1100 nit derejedäki ýagtylygy üpjün edýän AMOLED ekran bilen biziň ünsümizi çekýär. Bu telefon 4300 mAh batareýa bilen üpjün edilendir. Bu batareýa 65W tiz zarýady goldaýar. Şeýle hem täze telefon “Snapdragon 870” prosessoryndan güýç alýar.

“Realme” şereketiniň ýolbaşçysynyň kömekçisi Hu Ki Çeýsiň habar bermegine görä, “Realme GT Master Explorer Edition” telefonynyň 6 GB içki ýatly we 128 GB daşky ýatly modeli 3000 ýuandan (ortaça, 460 dollardan) satuwa çykar.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

23-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär