TEHNOLOGIÝA

“TCL 20 SE” atly smartfon satuwa çykdy

“TCL 20 SE” atly smartfon “Snapdragon 460” prosessoryndan güýç alýar we telefonda 4 GB içki ýat we 64 GB daşky ýat bar. Şeýle hem bu telefondaky ýady microSD arkaly 256 GB-a çenli köpeldip bolýar. Bu telefonyň arkasynda f/1.8 diafragmaly 16 megapiksellik esasy, 5 megapiksellik ultra giňişlik we 2 megapiksellik goşmaça kameralar bar. Telefonyň öň tarapynda 8 megapiksellik emeli aň arkaly hem dolandyrylýan selfi kamerasy goýlupdyr.

5000 mAh batareýa eýe bolan telefonda “Wifi 5.0”, “Bluetooth 5.0”, NFC, FM Radio, stereo ses çykaryjylar we 3.5 mm gulaklyk (nauşnik) girişi ýaly aýratynlyklar hem ýatdan çykarylmandyr.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

“Xiaomi” “Mi Pad 5” planÅŸetini tanyÅŸdyrmaga taýýarlanýar

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi