DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy — platina ýubileý baýramy hem-de doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Geçen ýyllaryň dowamynda Siz öňdengörüjilikli syýasatyňyz we ýadawsyz zähmetiňiz netijesinde bütin dünýäde belent abraýa eýe bolduňyz” diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekip, Şa zenanynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda hem-de işjeňleşdirilmeginde aýratyn goşandyny belledi hem-de bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Şa zenany Ýelizaweta II berk jan saglyk we bagt, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy