BILIM

Özbegistanda täze uniwersitet açylar

Özbegistanda “IT-Park University” atly sanly ulgam uniwersiteti dörediler. Bu baradaky karar Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edildi. Karara laýyklykda, bu uniwersiteti Özbegistan Respublikasynyň Habar tehnologiýalaryny we kommunikasiýalaryny ösdürmek ministrligi, Ýokary we orta bilim ministrligi, “Dessury önümler we habar tehnologiýalary tehnologik parkynyň direksiýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de “Epam Systems” ÝGPJ şeklindäki daşary ýurt şereketi bilen bilelikde gurarlar.

Bu sanly uniwersitet ÝGPJ görnüşindäki habar tehnologiýalaryndan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary bilim berýän gurama hasaplanýar we okuwlar tölegli görnüşde alnyp barlar.

Uniwersitete kabul edişlik 2022-2023-nji okuw ýylynda başlanýar we okuwyň tölegi şertnama esasynda amala aşyrylar.

 

 

Ýurdumyzyň instituty Aziýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda

Related posts

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen okuwçylary “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamynda birnäçe resminamalara gol çekişdi