DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Moskwa geldi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasyna geldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda döwlet Baştutany hökmünde amala aşyrýan ilkinji resmi sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi RF-niň daşary işler ministriniň orunbasary, ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet protokoly departamentiniň müdiri we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Günüň birinji ýarymynda Uly Kreml köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler.

Şu gün ýur­du­myz­yň Balkan we Daşoguz welaýatlarynda gal­la ora­gy­na girişildi

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi