DÜNÝÄ

Özbegistan Gyrgyzystana kömek iberer

Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbek tarapy Özbegistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrik bekedinde emele gelen adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli zerur bolan kömegi bermek baradaky tabşyrygyny habar berdi.

Hususan-da, özbek tarapy ynsanperwer kömegi hökmünde Andijandan suwuklandyrylan gazy Oş şäherine iberjekdigini mälim etdi.

Gyrgyz tarapy öz gezeginde özbek tarapyndan ynsanperwer kömegi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Related posts

Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygynda täze bellenen ilçisi wezipesine girişýär

Synpda telefon ulanmak gadagan

vepa

Malaýziýa Türkmenistana täze ilçi belledi