JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda resmi saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynda resmi saparda bolar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Goňşy döwletler bilen dostlukly-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 1993-nji ýylyň fewralynda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan Türkmenistan we Özbegistan Respublikasynyň syýasy, söwda-ykdyady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Häzir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny 221 sany resminama düzýär. 2007-2021-nji ýyllarda iki ýurda ýokary derejede jemi 23 sany döwlet, resmi we iş saparlary amala aşyryldy.

Türkmen-özbek ykdysady gatnaşyklaryna netijeli häsiýet mahsusdyr. ikitaraplaýyn daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artandygy bellenildi. Şundan bilelikdäki hökümetara toparynyň işine ähmiýetli orun degişlidir. Häzirki wagta çenli bu toparyň 16 mejlisi geçirildi.

Türkmenistan bilen Özbegistan medeni-ynsanperwer ugurda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şu günler Özbegistanda Türkmenistanyň kino günleri geçirilýär.

Saparyň çäklerinde 4-nji oktýabrda Daşkent şäherinde türkmen-özbek ykdysady forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar