JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň döwlet sylagy – “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby-hukuk edaralaryň ýolbaşçy;ary gatnaşdy.

Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidentini “Arkadag” medaly bilen sylaglamak baradaky Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny okady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentine bu abraýly döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz özüne gowşurylan döwlet sylagy bolan “Arkadag” medaly üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz bu sylagy milli däplerimiz esasynda alyp barýan sahawatly işlerimize berlen baha diýip hasap edýändigini belledi.

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly adam bähbitlerini ileri tutmak, olaryň mertebesini belende götermek bilen, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri