DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasy taýýarlanar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz  Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipelere geçip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny has-da giňden amala aşyrmak babatda tabşyryk berdi. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny ýurdumyzyň 2017 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alyp barmaly. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2029-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirden başlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şundan ugur alyp, şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr diýip belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurtlarda söwda wekilhanalarymyzy açmak üçin hem teklipleri bermegi tabşyrdy.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy