DÜNÝÄ

Hindistan-Merkezi Aziýa sammiti 2027-nji ýylda geçiriler

“Hindistan-Merkezi Aziýa” formatyndaky nobatdaky sammit 2027-nji ýylda Hindistanda geçiriler. Bu barada Hindistanyň Premýer-ministriniň Özbegistana bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar serişdeleri üçin geçirilen brifingde Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň sekretary (günbatar ugur boýunça) Sibi Jorj habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu karar barada Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi mälim etdi. Diplomat Hindistanyň hyzmatdaşlygy berkitmek we hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk hem bilelikde işlemäge bil baglaýandygyny belläp, Özbegistany Hindistanyň bu ugurdaky örän möhüm hyzmatdaşy diýip atlandyrdy.

Sibi Jorj Premýer-ministriň Özbegistana bolan saparynyň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berendigini nygtady. Onuň bellemegine görä, bilim, söwda we täjirçilik, medeniýet, däp bolan lukmançylyk, ekologiýa we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň anyk netijeleri bilen bir hatarda, gatnaşyklaryň derejesiniň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyga çenli ýokarlandyrylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýat döredýär.

«Hindistan — Merkezi Aziýa» formatyndaky birinji sammit 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda onlaýn görnüşinde geçirilipdi, oňa Özbegistanyň Prezidenti gatnaşypdy.

Related posts

Türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň milli habarlar agentligine baryp gördi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky dialoga gatnaşdy

Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi