JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Gyrgyzystana sapary başlandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynda sapar bilen bardy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň metbugaty habar berýär.

Habar berlişine görä, Türkmenistanyň wekiliýetini Bişkek şäherindäki “Manas” halkara howa menzilinde Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Temirbek Erkinow garşy aldy.

Saparyň  çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri göz öňünde tutulýar.

Related posts

Internetiň täze ýyldyzy ― ýedi aýakly pişik

Ata Watan Eserleri

Uluslararası Otomobil Fuarı yapılacak

vepa

Nobel hepdeligi: lukmançylyk ugrunyň ýeňijileri belli boldy