JEMGYÝET

Türkiýäniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlyklary duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş öz ýurduna sapar bilen gelen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýäniň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Türkiýäniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlyklary ilki bilen ikiçäk we soňra bolsa, giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi. Soňra taraplar metbugat wekillerine ýüzlendiler.

Doganlyk ýurt Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetini Türkiýede kabul etmekden uly buýsanç duýýandyklaryny bellän Numan Kurtulmuş ikiçäk we giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň netijeli geçirilendigini belledi.

Bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly goşant goşjakdygyny bellän Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň uly tagallalary bilen döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda ösdürilýändigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň bu sapary iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny hem ösdürmäge uly goşant goşjakdygyny belläp, Türkiýede iki ýurduň hökümetara toparynyň, bilim boýunça bilelikdäki geňeşiň arasynda duşuşyklaryň geçirilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş geçen ýyl Türkmenistanda saparda bolandygyny we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşandygyny belledi.

Related posts

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby çapdan çykdy

Ata Watan Eserleri