DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri eýran kärdeşini gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbs Aragçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlap, gutlag hatyny iberdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Eýranyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, bu gatnaşyklaynyň uzak ýyllarynyň dowamynda saklanyp galýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbs Aragçä täze jogapkärçilikli wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Related posts

Mawy bägül ýetişdirildi

vepa

«Samsung» wertikal telewizor öndürdi. Näme üçin?

vepa

Suratkeş piller

vepa