DÜNÝÄ

COP-29 halkara maslahaty Azerbaýjanda geçiriler

Azerbaýjan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyny (СOP-29) kabul eder. Bu barada Dubaýda geçirilen СOP-28 halkara maslahatynyň ýolbaşçysy Sultan Al-Jaber habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (СOP-28) Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirildi. Şol maslahatyň jemleýji mejlisinde Sultan Al-Jaber mundan soňky maslahatyň Azerbaýjanda geçiriljekdigini habar berdi.

Howanyň üýtgemegine garşy işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny bellän Sultan Al-Jaber Dubaýdaky maslahatda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edilmelidigini mälim etdi.

Soňra jemleýji mejlisde Azerbaýjanyň baý taryhy, medeniýeti we tebigy baradaky wideo film görkezildi.

Related posts

Jewdet Ýylmaz: türkmen gazy Ýewropanyň energetika howpsuzlygy babatda ähmiýetli

37 ýyldan soňra tapylan çüýşe

Türkmen Liderinden Fransa’nın Seçilmiş Cumhurbaşkanına Kutlama

vepa