DÜNÝÄ

Ärdogana döwlet ordeni gowşuryldy

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy. Gazak paýtagtynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny 10 milliard dollara ýetirmek babatda ylalaşdylar. Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugurlaryna seredildi. Şunda Halkara TransHazar ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri barada durlup geçildi.

Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew türkiýeli kärdeşini Gazagystanyň ýokary döwlet sylagy – I derejeli «Dostyk» ordeniniň bilen sylaglady.

Mundan başga-da, iki ýurduň Prezidentleri stoluň üstünde oýnalýa tennis oýnadylar. Gazak Prezidenti sportuň bu görnüşine uly ähmiýet berýär we oýnamagy halaýar.

Related posts

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

Leave a Comment