DÜNÝÄ

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binalar toplumy açyldy

Şu günler Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolýar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtgaty Aşgabat şäherinde Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdy. Bu barada Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri toý bagyny kesip, ilçihanyň içine aýlanyp gördüler. Ilçihanada döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Ministr Faýsal bin Farhan Al Saud Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi.

Related posts

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri gazak kärdeşi bilen duşuşdy

Dünya liderleri, Türkmenistan’a geliyor

vepa

Leave a Comment