DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Gazagystanda geçirilen nobatdan daşary prezident saýlawlaryna ýeňiş gazanan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 21-22-nji dekabrda Özbegistanda döwlet saparynda bolar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ýokary derejede gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Taraplar senagat korporasiýasynyň taslamalaryny ilerletmek, oba hojalygy, ulag we logistika, sebitleýin medeni-ynsanperwer alyş-çaşlygy giňeltmek babatda özara pikir alyşmalar geçirer.

Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, gepleşikleriň jemleri boýunça köp sanly resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Related posts

“Soyuz MS-16” kosmosa iberildi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment