DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti dekabrda Türkmenistana geler

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian dekabr aýynda Türkmenistana we Gazagystana sapar eder. Bu barada Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň ilkinji forumynyň açylyş dabarasynda habar berdi diýip, EÝR-nyň Daşary işler ministrligi mälim edýär.

«Eýranyň Prezidenti Russiýa we Azerbaýjana sapar etdi, bu saparlar örän üstünlikli boldy, indiki aýyň dowamynda onuň Türkmenistana we Gazagystana sapar etmegi meýilleşdirilýär» diýip, habarda aýdylýar.

Hazarýaka döwletleriň häkimleriniň ilkinji forumy 18–19-nji noýabr aralygynda Eýranyň demirgazyk welaýatlarynyň biri bolan Gilan welaýatynyň administratiw merkezi Reşt şäherinde geçirilýär.

Çärä Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleri gatnaşýar. Eýranyň tarapynyň wekiliýetine daşary işler ministri Abbas Aragçi, senagat, magdan we söwda ministri Mohammad Atabak, şeýle hem medeni miras, syýahatçylyk ministri Reza Salehi-Amiri gatnaşýar.

Related posts

1301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan forumyna gatnaşdy