DÜNÝÄ

Owganystana ynsanperwer kömek berilýär

Ýer titremesi zerarly kyn günleri başdan geçirýän Owganystanyň halkyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan ynsanperwer kömekleri berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Owganystana ynsanperwer kömegi iberildi.

Ýewropa Bileleşigi gyssagly bu ýurda 1 million ýewro möçberinde kömek bermek babatda degişli işleri geçirdi.

Hytaý Halk Respublikasy güýçli ýer yranmasy sebäpli kynçylyk çekýän owgan halkyna 7,5 million dollar möçberinde ynsanperwer kömegini ugratjakdygyny mälim etdi. Bu barada HHR-niň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Hytaýyň ynsanperwer kömeginiň ilkinji tapgyry 27-nji iýunda bu ýurda gowşurylar.

Özbegistan Respublikasy hem 74 tonna möçberinde azyk önümleri, derman serişdeleri we ilkinji zerurlyklardan ybarat bolan ynsanperwer kömegini berdi.

22-nji iýunda Owganystanda emele gelen tebigy betbagtçylyk soňky 20 ýyldaky iň güýçli ýertitreme hadysalarynyň biri boldy.

Tebigy betbagtçylyk zerarly bir ýarym müňden gowrak adam pida boldy, 2 müňden gowrak adam dürli şikesleri aldy, 3 müňden gowrak bina ýykyldy.

 

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini gowşurdy

Related posts

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk

vepa

Azerbaýjan Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyna 5 milliard dollar maýa goýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri