SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýa yzygiderli awiagatnawlary ýola goýýar

Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda yzygiderli awiagatnawlaryň 1-nji iýuldan başlap, ýola goýmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Hytaýyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berdi.

Iki ýurduň arasyndaky yzygiderli awiagatnawlar 2022-nji ýylyň fewralynda koronawirus ýokanjynyň ýaýrap başlamagy bilen togtadylypdy.

– Hytaý bilen gazak tarapynyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, 1-nji iýuldan iki ýurduň arasynda her iki ugur boýunça gönüde-göni awiagtanawlary ýola goýmak meýilleşdirilýär – diýlip, diplomatik wekilhananyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Şeýle hem ilçihananyň beýanatynda Gazagystandan Hytaýa gidýän ýolagçylardan käbir hökmany ýerine ýetirmeli amallar talap edilýändigi bellenilýär. Uçmazdan ozal, 10 günüň dowamynda özüniň saglygyna seretmeli, soňra degişli kepillik hatyny ýazmalydyr.

Mundan başga-da, uçuş wagtyna 48 sagat galanda PSR-test synagyndan geçmeli. 24 sagatda galanda bolsa, ikinji test barlagyndan geçmeli. Lukmançylyk barlaglary ilçihana we konsullyk edarasynyň kesgitlän 2 sany aýry laboratoriýalaryndan geçilmeli. Şeýle hem uçuş wagtyna 12 sagat galanda antigen goşmaça barlagyndan geçmeli.

 

Owganystana ynsanperwer kömek berilýär

Related posts

Derman senagaty pudagy: Türkmenistan Türkiýe we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

Hytaý daşary ýurtlular üçin PZR testi ýatyrýar

Aşgabat-Moskwa hem-de Aşgabat-Kazan uçar gatnawlary täzeden başlaýar