JEMGYÝET

Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

«Şeýle hem, biz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyndan ugur alyp, ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda çykyş edýäris» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň dünýä ajaýyp alymlary, oýlap tapyjylary we akyldarlary berendigi mälimdir. Biz bolsa, şol örän baý medeni we ylmy däpleriň mirasdüşerleri hem-de saklaýjylary bolup durýarys. Ine, şoňa görä-de, biz bu gyzyklanmalary höweslendirmelidiris hem-de yzygideli esasda giňden medeni we ylmy alyşmalara işjeň ýardam bermelidiris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

«Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň halklarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny guramagy we şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmegi teklip edýärin» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Related posts

Türkmenistan Paris’teki uluslararası ekonomik foruma katılıyor

vepa

«Game of Thrones» filmiň täze kitaby neşir ediler

Ata Watan Eserleri

10-25-nji maý aralygynda ekologik çäre guralýar

Leave a Comment