DÜNÝÄ

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi web-sahypasynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi.

Konsepsiýa bäş sany esasy ugry, ýagny parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýeti we ulag baglanyşyklaryny ösdürmek, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini we ynsanperwer hyzmatdaşlygy kesgitleýär.

Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda 25 sany esasy çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär we olaryň ýedisi Türkmenistanda geçiriler. Şolaryň hatarynda maý aýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, sentýabrda Ykdysady Geňeşiň mejlisi, 9-njy oktýabrda Awazada GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri, şeýle hem Aşgabatda Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň mejlisi geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary