DÜNÝÄ

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 10-njy martda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Palestinanyň ilçisi Rana Abu Hijleh, Pakistanyň ilçisi Farýal Legari, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa dagy çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berlip, bu syýasatyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürmekde we halkara gatnaşyklarda ynamdar dialogy ýola goýmakda nusgalykdygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda alnyp barylýan «Dialog ― parahatçylygyň kepili» diýen ýörelge zenanlaryň diplomatiýadaky ornuny has-da berkidip, olaryň sebitde parahatçylygy üpjün etmekdäki başlangyçlaryny goldaýar.

Gatnaşyjylar zenanlaryň döwlet dolandyryşynda we halkara hyzmatdaşlykda görkezýän başarjaňlyklarynyň dünýäniň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary