PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistanda temmäki önümleri üçin goşmaça tölegleriň möçberi ýokarlandy

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna girizilen goşmaçalara we üýtgetmelere laýyklykda, ýurdumyza getirilýän temmäki önümlerine gümrük bahasynyň 93 göterimi, emma 1 gutusy üçin azyndan ABŞ-nyň 4 dollary möçberinde goşmaça tölegler girizildi. Mundan ozal, ýurdumyza getirilýän temmäki önümlerine gümrük bahasynyň 74 göterimi, emma 1 gutusy üçin azyndan ABŞ-nyň 3 dollary möçberinde goşmaça tölegler tölenýärdi. Bu barada täze kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň kanunynda bellenilip geçilýär. Bu Kanun ýerli metbuagtda çap edildi. 

Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary üçin hem goşmaça tölegleriň möçberleri artdyryldy. Mundan ozal, bu önümleriň 1 kilogramy üçin 15,6 ABŞ dollary möçberde goşmaça töleg tölenýän bolsa, indi onuň möçberi 19,5 dollara ýetirildi.

Türkmenistanda temmäki we alkogol önümlerine goşmaça tölegler yzygiderli ýokarlanýar. Fewral aýynda 2025-nji ýyla çenli Türkmenistany temmäkiden azat etmek boýunça milli maksatnama kabul edildi.

 

Türkmenistandan Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri