PEÝDALY MASLAHAT

Kärhanany döwlet belligine almagyň möhleti 3 iş güni bolar

Esaslandyryjylar tarapyndan zerur resminamalar berlen pursadyndan başlap üç iş günüň dowamynda kärhanany döwlet belligine almak ýa-da döwlet belligine almakdan ýüz döndermek hakynda karar kabul edilýär. Bu barada “Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda  täze kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynda bellenip geçilýär. Bu möhlet öň “iki hepdäniň dowamynda” görnüşinde Kanunda düzgünleşdirilýärdi.

“Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda Kanunda şeýle hem Kärhanany döwlet belligine almak boýunça zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilinjekdigi bellenilýär.

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri