SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda doglan rus lukmanynyň Aşgabada sapary

Rus lukmany Nikolaý Prosenko türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Ol öz hatynda öz ogly Türkmenistanda doglan hem-de şu ýerde lukmançylyk bilimini alan Denis Nikolaýewiç Prosenkonyň bilimini Türkmenistan üçin ulanmaga taýýardygy bardaa belläp geçipdir.
Bu hatda şeýle diýilýär:

– Türkmenistanyň güneşi, Aşgabadyň lälezarlygy, Watanyň güýji, türkmen topragyna söýgi hem-de Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda ähli maşgala agzalarymyzyň alan düýpli bilimleri meniň oglum Denis Nikolaýewiç Prosenko lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýa Federasiýasynyň zähmet gahrymany, Moskwa şäheriniň baş anesteziolog-reanimatology bolmaga hem-de maşgala däbimizi mynasyp dowam etdirmäge ýardam berdi.

Oglumyň biliminiň mähriban ýurdumyzyň gülläp ösüşine we onuň lukmanlaryna peýdasy degse, örän şat bolardyk.

Size hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden hormat goýmak bilen,

Related posts

Türkmenistan Tokiodaky we Maýamidäki syýahatçylyk sergilerine gatnaşar

Türkiýe wizalary: saglyk wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy

Özbegistanyň hususy awiakompaniýasynyň uçary Türkmenabatdaky ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Leave a Comment