JEMGYÝET

Türkmenistanda bugdaý ekişi tamamlandy

Ýurdumyzyň zähmetsöýer ekerançylary güýzlük bugdaýyň ekişiniň tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu möwsümde 690 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Ekiş möwsümi bellenen möhletlerde hem-de ähli agrotehniki kadalar berjaý edilip geçirildi. Munuň özi gymmatly azyk ekininden bol hasyl alynjakdygyna güwä geçýär.

Oba hojalyk pudagynda işleýän alymlaryň bellemegine görä, ýurdumyzda güýz paslynda bugdaýyň ösmegi üçin oňaýly şertler döredilýär. Hut şu döwür bugdaýyň ösmegi üçin örän amatlydyr. Pagtaçylyk bilen birlikde, gallaçylyk hem ýurdumyzyň ekerançylyk pudagynyň strategik ugurlarynyň biridir.

Oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Şol goldaw bolsa obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümini täze tehnikalar bilen üpjün etmekde we döwrebaplaşdyrmakda, daýhanlary mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edýän himiýa senagatynyň ösüşinde, suw üpjünçiligi meseleleriniň çözülmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Geljek ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna bugdaý taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Ekinleriň häzirki ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermeginden ruhlanan edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bu borçnamalaryň ýene-de üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.

 

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Si Szinpin Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy